ABŞ-nyň we Ysraýylyň soňky howa zarbalarynyň ýadro desgalaryna düýpli zyýan ýetirmegine garamazdan, Eýran baýlaşdyrylan uran öndürmegini birnäçe aýyň içinde dikeldip biler diýip, BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy aýtdy.
"Ol ýerde olaryň bar bolan ukyp-başarnyklary bar. Olar indi, bilşiňiz ýaly, bary-ýogy birnäçe aýdan, aýdaly, birnäçe kaskad sentrifuganyň aýlanyp, baýlaşdyrylan uran öndürmegine ýa-da onuň bäri ýanyna eýe bolup bilerler” diýip, Rafael Grossi CBS News habar gullugyna beren, 29-njy iýunda efire berlen interwýusynda aýtdy.
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Fordow, Natanz we Isfahan sebitlerine eden hüjümleri Eýranyň urany gaýtadadan işlemek we baýlaşdyrmak mümkinçiligini yza çekdi diýip, düýbi Wenada ýerleşýän agentlige, HAEA ýolbaşçylyk edýän Grossi aýtdy.
"Dogrusyny aýtsak, hemme zadyň ýok bolandygyny we ol ýerde hiç zadyň galmangyny aýdyp bolmaz" diýip, ol sözüni dowam etdi. “Eýran, ýadro tehnologiýasy nukdaý nazaryndan, örän çylşyrymly ýurt” diýip, Grossi aýtdy.
Ysraýyl 13-nji iýunda Eýranyň ýadro we harby ýerlerine garşy bombalama kampaniýasyna başlady we maksadynyň Tähranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almakdan ybaratdygyny aýtdy. Eýran özüniň ýadro ýaragyny edinjek bolýandygy barada aýdylýanlary ret edýär we ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlardan ugur alýandygyny tekrarlaýar.
Ysraýylyň başlan hüjümine soňra Birleşen Ştatlar hem goşuldy we Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly üç esasy desgany nyşana aldy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 26-njy iýunda Eýranyň ýadro programmasynyň “onlarça ýyl” yza çekilendigini öňe sürdi we eger-de Eýran uran baýlaşdyrmak derejesini gaýtadan alada döredýän ýagdaýa ýetirse, özüniň ýene-de zarba urmak mümkinçiligine seretjekdigini aýtdy.
Tramp 29-njy iýunda "Fox News" neşirine Eýranyň ýadro kuwwatlyklarynyň "ozal hiç kimde görlüp-eşidilmedik derejede ýok edilendigini" aýtdy. Bu, onuň pikiriçe, Tähranyň ýadro ambisiýalarynyň iň bolmanda belli bir döwre çenli soňlanmagyny aňladýar.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi ýadro desgalaryna ýetirilen zyýanyň “çynlakaýdygyny” tassyk etdi, ýöne bu meseledäki jikme-jiklikler entek belli däl.
Esasy çözülmedik mesele Eýranyň ätiýaçlyk gorunyň, 60 göterime çenli baýlaşdyrylan uranyň ykbaly bolup durýar. Bu raýat maksatlary üçin zerur bolan derejeden ýokary, emma ýarag derejesinden pes baýlaşdyrylan uran bolup, hasaplamalara görä, Eýranda bu derejedäki uranyň 400 kilogram töweregi bar.
"Biz bu materialyň nirede bolup biljekdigini bilemzok" diýip, Grossi aýtdy. "Şeýlelikde, olaryň belli bir böleginiň hüjüm wagtynda ýok edilen bolmagy mümkin, ýöne käbir böleginiň başga ýere geçirilen bolmagy hem daş däl. Şu sebäpden bu ýerde käbir derejede aýdyňlaşdyrmalar gerek bolup görünýär.”
Tramp özüniň "Fox News" neşirine beren interwýusynda Eýranyň ätiýaçlyk goruny başga ýere geçirip bilendigine ynanmaýandygyny aýtdy.
"Bu etmesi gaty kyn zat, üstesine-de biz kän habar hem bermedik. Olar hiç zady aýyrmadylar” diýip, ol aýtdy.
Şu aralykda, eýranly kanun çykaryjylar HAEA bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy togtatmak meselesine ses berdiler we Tähran Grosiniň zyýan ýeten ýerlere, şol sanda Eýranyň uran baýlaşdyrýan esasy desgasyna, Fordowa baryp görmek baradaky haýyşyny ret etdi.
"Biz nämäniň bardygyny, nirededigini we näme bolandygyny anyklap bilmek ýagdaýynda bolmaly" diýip, Grossi aýtdy.
Eýranyň "Kayhan" gazetinde HAEA-niň başlygynyň "tussag edilmegi we jezalandyrylmagy" barada edilen çagyryşlardan soň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bu hili beýanatlaryň "kabul ederliksizdigini we ýazgarylmalydygyny" aýtdy.
"Biz HAEA-niň Eýrandaky möhüm barlag we gözegçilik işlerini goldaýarys we baş direktory we HAEA-ni yhlaslylygy we hünär ussatlygy üçin öwýäris" diýip, ol aýtdy. "Biz Eýrany HAEA işgärleriniň howpsuzlygyny we aman-esen bolmagyny üpjün etmäge çagyrýarys."
Eýranyň BMG-däki ilçisi Grosiniň alada galmaly däldigini aýtdy. Amir Said Irawani ABŞ-nyň CBS telekanalyna beren interwýusynda inspektorlara ýa-da baş direktora "howp abanmaýar" diýdi. "Eýrandaky inspektorlar "howpsuz ýagdaýda" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 29-njy iýunda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefonda gürleşip, Tähran üçin iň gowy işiň gepleşik stoluna gaýdyp gelmekden we HAEA-niň ýurtdaky işiniň dikeldilmegine rugsat bermekden ybarat boljakdygyny aýtdy.
Forum