Russiýa Ukraina 100-den gowrak dron bilen hüjüm etdi – ukrain harbylary

Russiýanyň Harkiwe uran zarbalarynyň netijeleri.

30-njy iýuna geçilen gije Russiýa Ukraina 107 dron bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Harby howa güýçleri mälim etdi. Pilotsyz enjamlaryň 74-si ýok edildi.

Harkiw oblastynyň Pessoçin obasynda dron hüjüminde sekiz adam ýaralandy, olaryň arasynda bir çaga hem bar. Dergaçi şäherinde hususy kärhana degişli ammarda we oba hojalyk kärhanasynyň binasynda ýangyn ýüze çykdy.

Dnepropetrowsk oblastynyň çäginde gijäniň dowamynda dört dron ýok edildi. Sinelnikow etrabynda oba hojalyk kärhanasyna zyýan ýetdi. Nikopol etrabynda bolsa hususy ýaşaýyş jaýyna we gaz geçirijä zeper ýetirdi. Ölen ýa-da ýaralanan ýok diýip, oblast häkimi Serhiý Lysak aýtdy.

Mundan bir gün öň, 29-njy iýuna geçilen gije Russiýanyň güýçleri Ukraina 537 dron we raketa bilen zarba urupdy. Ukrainanyň Harby howa güýçleri olaryň 475-siniň ýok edilendigini aýtdy.